Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

S.Berdimuhamedow Ahalyň häkimi boldy, welaýat ilkinji bolup galla borçnamasyny doldy


Illýustrasiýa suraty

Ahal welaýatynyň ekerançylary galla taýýarlamak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirdiler. Bu wakaTürkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedowy Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine bellemeginden 10 gün çemesi soňa gabat geldi.

“Şu gün welaýatda Watan harmanyna azyklyk bugdaýyň 450 müň tonnasyndan gowragyny tabşyryp, ýurdumyzda ilkinji bolup galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetiren gallaçylaryň zähmet ýeňşi mynasybetli dabaralar geçirildi” diýlip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň 25-nji iýunda çap eden habarynda aýdylýar.

Şol bir wagtda, 26-njy iýunda Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçylarynyň biri şu ýyl welaýatda galla hasylynyň geçen ýyldaky bilen deňeşdirilende has gowy bolandygyny aýdýar.

17-nji iýunda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ogly Serdar Berdimuhamedowy Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine belledi.

Şonda prezidentiň gol çeken permany bilen Ahal welaýatynyň öňki häkimi Şöhrat Amangeldiýew wezipesinden boşadyldy. Ol Ministrler Kabinetiniň oba hojalyk pudaklary bölüminiň müdiri wezipesine bellenildi.

Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 2-nji ýanwarynda ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadylyp, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenipdi.

Şu ýyl Türkmenistanda 760 müň gektar meýdana, şol sanda Ahal welaýatynda 209 müň gektar meýdana bugdaý ekildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG