Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kanun çykaryjylar, korrupsiýa aýyplamalarynyň arasynda, Atambaýwiň eldegrilmesizlik hukugyny ýatyrmaga ses berdi


Gyrgyzystanyň kanun çykaryjylary ozalky prezident Almazbek Atambaýew. Arhiw suraty

Gyrgyzystanyň kanun çykaryjylary ozalky prezident Almazbek Atambaýewiň kanuny jogapkärçilige çekilmezlik hukugyny ýatyrmaklyga aglaba köplükde ses berip, onuň korrupsiýa aýyplamalary esasynda derňelmegine ýol açdylar.

27-nji iýundaky ses berişlikde 103 deputat Atambaýewiň kanuny eldegrilmezilk hukugyny aýyrmaga ses berdi, alty deputat bu çärä garşy ses berdi.

Atambaýew özüne garşy bildirilýän ähli aýyplamany ret edýär.

Deputatlar we baş prokuror ony wezipede mahalynda öz ygtyýarlyklaryndan bikanun peýdalanmakda aýyplaýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG