Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz kanunçykaryjylary Atambaýewiň eldegrilmesizlik hukugyny ýatyrmaga ses berdi


Almazbek Atambaýew
Almazbek Atambaýew

Gyrgyzystanyň kanunçykaryjylary ozalky prezident Almazbek Atambaýewiň kanuny jogapkärçilige çekilmezlik hukugyny ýatyrmaklyga aglaba köplükde ses berip, onuň korrupsiýa aýyplamalary esasynda derňelmegine ýol açdylar.

27-nji iýundaky ses berişlikde gyrgyz parlamentiniň 103 deputaty Atambaýewiň kanuny eldegrilmezlik hukugyny aýyrmaga ses berdi, alty deputat bu çärä garşy çykyş etdi.

Deputatlar we baş prokuror ony wezipede mahalynda öz ygtyýarlyklaryndan bikanun peýdalanmakda aýyplaýarlar.

Bu hereket, 26-njy iýunda “soňuna çenli durmagy” wada beren we özüne garşy ýöňkelen aýyplamalary ret edýän Atambaýew bilen aýgytly gapma-garşylygy döreden ýaly bolup görünýär.

Häkimiýetde bolan döwri bäş günä iş etmek, şol sanda korrupsiýa, wezipeden hyýanatçylykly peýdalanmak, bikanun baýamak aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz bolýan demirgazykly Atambaýew tussaglyk barada karar çykarylan ýagdaýynda, özüni goramak üçin ýaraglarynyň bardygyny aýtdy.

Dartgynlygyň güýçlenýändiginiň alamaty hökmünde öňki gazak prezidentiniň ýüzlerçe tarapdary onuň Bişkegiň golaýyndaky Koý-Taş sebitinde ýerleşýän rezidensiýasynda ýygnanyp, Atambaýewe “ruhy we fiziki goldawy” wada berdi.

“Ýönekeý adamlar häkimiýetleriň [Atambaýewi] ýok etmek planyny durmuşa geçirmegine rugsat bermez” diýip, Atambaýewiň tarapdary Farhat Baabiýew Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aýtdy.

Atambaýew Gyrgyzystanda 2005-2010-njy ýyllardaky rewolýusiýalardan soň, halk tarapyndan saýlanan ilkinji prezident boldy. Atambaýew tarapyndan goldanylan Sooronbaý Žeenbekow 2017-nji ýylyň oktýabrynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanandan soňra, ol parahatçylykly ýagdaýda häkimiýetden çekilipdi.

Ýöne Atambaýew Gyrgyzystanyň ösüşini päsgel berýän we korrupsiýanyň gözegçiliksiz galmagyna rugsat berýän ýurduň syýasy taýdan kemala gelmänliginiň simwolyna hem öwrüldi.

Döwlet prokurory 62 ýaşyndaky Atambaýewe oňa garşy Žeenbekowa wepaly kanun çykaryjy organlar tarapyndan gozgalan aýyplamalar esasynda aýyplama bildirdi we onuň ýakyn ýaranlarynyň birnäçesi korrupsiýa aýyplamalarynda tussag edildi.

Şu aýyň başynda gyrgyz häkimiýetleri prezidentiň edarasynyň sud ulgamynyň reformasy boýunça bölüminiň öňki başlygy Manasbek Arabaýewi korrupsiýa aýyplamalary esasynda tussag etdiler.

Atambaýewiň häkimiýet başynda bolan döwri premýer-ministr wezipesini ýerine ýetiren Sapar Isakow we Jantoro Satybaldiýew hem korrupsiýada aýyplanýar.

Geçen ýyl gyrgyz resmileri şuňa meňzeş aýyplamalar esasynda ýurduň gümrük gullugynyň öňki başlygy Adamkul Junusowy we öňki maslahatçy Ikramjan Ilmiýanowy tussag etdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG