Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň öňki baş prokurory Raşid Kadyrow 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi


Raşid Kadyrow (Sagdan birinji)
Raşid Kadyrow (Sagdan birinji)

26-njy iýunda Daşkendiň şäher sudy Özbegistanyň öňki baş prokurory Raşid Kadyrowa hem onuň jenaýat işindäki şäriklerine (jemi 13 adam) jenaýat işinde aýyplama bildirip, iş kesdi. Daşkent şäheriniň prokurorynyň öňki 1-nji orunbasaryna, köp ýyllap özbek prokuraturasynda örän täsirlilerden biri saýylan, birnäçe agyr jenaýat işlerini edenlikde aýyplanýan Miraglam Mirzaýew suduň zalyndan azatlyga çykaryldy.

Suduň hökümine görä, Raşid Kadyrow 2000-2015-nji ýyllarda baş prokuror bolan mahalynda, prokuraturadaky we beýleki kanun goraýjy organlardaky ýokary wezipe eýeleýän işgärleri bilen birnäçe agyr we aýratyn agyr jenaýat işlerine baş goşupdyr.

Olaryň arasynda; Mirzaýew M., Faýziýew Ž., Sunnatow U., Pulatow P., Musaşaýhow A., Hurramow U., Gaipow Ý., Mirzaýew A. Mirzaýewa M. we graždan raýatlardan Kosinow S., Ikramow A., Ahmedžanow H. bar.

«Jenaýat işleri para almak (Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 210-njy maddanyň 3-nji punktynyň «а» topary), para bermeklige mejbur etmek (ÖJK-niň 28 we 211-nji maddalarynyň 3-nji punktynyň «а» topary), kezzaplyk (ÖJK-niň 168-nji maddasynyň 3-nji punktynyň «а» topary), salgyt tölemekden we beýleki hökmany töleglerden bilgeşleýin boýun gaçyrmak (ÖJK-niň 184-nji maddasynyň 3-nji punkty), derňew işlerine päsgel bermek ýa-da sud işine rugsat etmek (ÖJK-niň 236-njy maddasynyň 2-nji bölümi), jenaýat işinde üsti açylan girdejiniň doly açyk edilmezligi (ÖJK-niň 243-nji maddasy) ýaly aýyplamalardan durýar. Mundan daşary-da, hukuk goraýjy organlarynyň düzgünine ters gelýän jenaýat işleri bar» diýip, Ýokary suduň metbugat-gullugy mälim etdi.

Öňki baş prokuroryň işi bilen baglanyşykly geçen ýapyk sud işiniň 6 aýlap dowam edendigini ýatladýarys.

«Sud edilýänleriň garşysyna bildirilen ähli aýyplamalaryň kanunydygy we esaslydygy barlandy, 200 çemesi şaýadyň görkezmeleri diňlendi. Şeýle hem ekspertizanyň gelen netijelerine seredildi, gulluk barlaglary geçirildi we beýleki görkezmeler derňeldi» diýip, metbugat-gullugy aýdýar.

ÖJK-niň 50-nji maddasynyň 6-nji punkty bilen günäli saýylan Raşid Kadyrowa 10 ýyl azatlykdan mahrum etmeklik iş kesildi we ortaça iş hakynyň 500 möçberinde (ABŞ-yň 12 müň dollary) jerime salyndy. Şol topardan U. Sunnatow 19 ýyl, A. Mirzaýew 15 ýyl, U. Hurramow 14 ýyl, Ž. Faýziýew 13 ýyl, A. Musaşaýhow 13 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Jenaýat işindäki beýleki şärikdeşlere olaryň eden jenaýat işine laýyklykda kanunyň talabyna görä iş kesidi, olara jogapkärli wezipelerde, maddy-material jogapkärçiligi bolan orunlarda belli möhlete çenli işlemek gadagan edildi.

Mundan daşary-da, sud agyr we aýratyn agyr jenaýat işlerine baş goşan R. Kadyrowy, M. Mirzaýewany, A. Mirzaýewi, Ž. Faýziýewi, U. Sunnatowy, U. Pulatowy, U. Hurramowy we Ý. Gaipowy ýörite at-derejelerden hem döwlet sylaglaryndan mahrum etdi.

Ýöne Ýokary sud öň bir wagt örän täsirli bolan Daşkent şäheriniň prokurorynyň 1-nji orunbasary Miraglam Mirzaýew hem onuň maşgalasy Muhabbat Hasanowanyň işi barada resmi ýagdaýda hiç zat aýtmady. Olar «aýratyn uly möçberde para almakda we wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmak ýaly işlerde» aýyplanypdy.

Mundan öň ýolbaşçy işde işleýänlerden birnäçesiniň hem işewür toparyň wekilleriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Mirazýewler maşgalasy köp ýyllap Döwlet Howpsuzlygy gullugynyň öňki başlygy Rustam Inoýatowyň howandarlygynda bolup, olar DHG-niň, IIM-niň hem Baş prokuraturanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny gorkuzyp, olardan köp mukdarda para talap edipdirler, ýerli işewür toparlaryň ýörgünli barýan işlerini elinden alypdyrlar.

Öňki baş prokuroryň işi bilen baglanyşykly geçen sud diňlenişigi hakda Azatlyga takyk maglumat berip duran çeşmämiziň sözüne görä, 68 ýaşly Miraglam Mirzaýew hem onuň maşgalasy Muhabbat Hasanowa, şeýle-de Özbegistanyň Baş prokuraturasynyň ykdysady jenaýatçylyga we korrupsiýa garşy göreş boýunça edarasynyň öňki başlygy Ramazon Pulatow suduň zalyndan azatlyga çykarylypdyr.

Mundan öň Azatlygyň çeşmesi Mirzaýew bilen Pulatow barlaglar döwründe insulty başdan geçirendiklerini aýdypdy, soňra olar Özbegistanyň IIM-niň keselhanasyna geçirildi. Olaryň ikisini-de suduň zalyna medisina kosilkasynda getirdiler.

Azatlygyň çeşmesiniň 26-njy iýunda aýtmagyna görä, respublikanyň hukuk goraýjy organlary olary 5 ýyl şertli ýagdaýda azatlykdan mahrum edipdir.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG