Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Öňki rus kanunçykaryjysynyň biznes partnýory tussag edildi


Russiýanyň Derňew komitetiniň ofiserleriniň Anatoliý Kairony tussag etmäge barýan pursadyny görkezýän surat

Russiýanyň derňewçileri Ukrainadaky we beýleki ýerlerdäki syýasy garaýşy sebäpli Kreml bilen konflikte girişen öňki kanunçykaryjynyň biznes partnýoryny tussag etdiler.

28-nji iýunda Russiýanyň Derňew komiteti “Rolf” atly daşary ýurt ulag brendiniň satuwy boýunça kompaniýanyň direktorlar geňeşiniň agzasy Anatoliý Kaironyň 48 sagatlyk tussag edilendigini aýtdy.

Maglumatda oňa 2014-nji ýylda kompaniýanyň esaslandyryjysy, öňki kanunçykaryjy Sergeý Petrowa Russiýadan 4 milliard rubly, ýagny $63,5 milliony bikanun çykarmaga ýardam bermekde şübhe bildirilýändigi aýdylýar.

Russiýanyň Derňew komitetiniň metbugat wekili Swetlana Petrenkonyň sözlerine görä, Kaironyň deslapky tussaglygy baradaky karar heniz kabul edilmedi. Şol bir wagtda, ol bu iş boýunça derňewleriň dört adama garşy başladylandygyny belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG