Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Putin bilen gatnaşyklaryny taryplap, oňa ABŞ-nyň nobatdaky saýlawlaryna ‘goşulyşmazlygy’ duýdurdy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp özüniň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen “gatnaşyklaryny örän, örän gowy” diýip taryplady, ýöne oňa ABŞ-nyň nobatdaky saýlawlaryna “goşulyşmazlygy” duýdurdy. Iki lideriň arasyndaky bu gepleşikler 28-nji iýunda Ýaponiýada G20 ýygnagynyň çäginde bolup geçdi.

Iki ýurduň arasyndaky durnuksyz ikitaraplaýyn we halkara meseleleriň sanawynyň artýan mahalynda, Tramp rus kärdeşi bilen bir ýyl arakesmeden soň geçiren duşuşygynyň başynda optimistik äheňde çykyş etdi.

“Biziň örän, örän gowy gatnaşyklarymyz bar” diýip, Tramp Putin bilen Osakada geçiren duşuşygynyň başynda aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň federal derňewleri Russiýanyň 2016-njy ýyldaky prezident saýlawlaryna goşulyşandygy barada giň göwrümli delilleriň resminamalaryny hödürländen bäri, bu iki ýurduň liderleriniň arasynda geçirilýän ilkinji duşuşykdyr. Putin bu aýyplamany ret edýär.

XS
SM
MD
LG