Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bakuwyň polisiýasy oppozision lideri gysga wagtlaýyn tussag etdi


Azerbaýjanyň oppozision Halk front partiýasynyň (AXCP) lideri Ali Karimli
Azerbaýjanyň oppozision Halk front partiýasynyň (AXCP) lideri Ali Karimli

Bakuwyň polisiýasy jemgyýetçiligiň durnuklylygyny bozmaga synanyşandygyny öňe sürüp, Azerbaýjanyň oppozision Halk front partiýasynyň (AXCP) lideri Ali Karimlini gysga wagtlaýyn tussag etdi.

Oppozision syýasatçy Taofik Ýakublynyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, polisiýa Karimlini aktiwistleriň galp aýyplamalar diýip atlandyrylýan pul jerimelerini tölemäge ýardam bermek üçin geçirilen çäreden gaýdyp barýan mahalynda, 28-nji iýunda tussag etdi.

Polisiýa resmileri Karimliniň tussag edilmeginiň sebäpleri barada düşündiriş bermedi, ýöne Ýakubly häkimiýetleriň oppozision “Musawa” partiýasynyň baş binasynda guramalaşdyrylan pul ýygnamak çäresini duruzmaga synanyşandygyny aýtdy.

Uzak wagt bäri ýurdy dolandyrýan prezident Ylham Aliýewiň hökümetiniň tankytçylary nebite baý ýurduň häkimiýetleriniň habarçylary we adam hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwistleri esassyz türmä basmak arkaly başgaça pikir-garaýyşlylary köplenç dymdyrmaga synanyşýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG