Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Kimi harbysyzlaşdyrylan zonada görüşmäge çagyrýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald G20 liderleriniň sammitine geldi. Ýaponiýa, Osaka, 28-nji iýun, 2019.
ABŞ-nyň prezidenti Donald G20 liderleriniň sammitine geldi. Ýaponiýa, Osaka, 28-nji iýun, 2019.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Uny Demirgazyk we Günorta Koreýa ýarymadalaryny bir-birinden aýyrýan dartgynly Harbysyzlaşdyrylan zonada duşuşmaga çagyrdy.

"[G20 summitinde bolan] käbir örän möhüm duşuşyklardan soň, men (prezident Moon bilen) Günorta Koreýa gitmek üçin Ýaponiýa ugraryn. Ol ýere baramda, eger-de Demirgazyk Koreýanyň başlygy muny görse, men onuň bilen elleşmek we Salam(?)! diýmek üçin serhetde, Harbysyzlaşdyrylan zonada duşuşaryn” diýip, Tramp 29-njy iýun güni irden Osakadan ýazan twitinde aýtdy.

Demirgazyk Koreýa birazdan Trampyň Kim bilen Harbysyzlaşdyrylan zonada duşuşmak teklibiniň “örän gyzykly pikirdigini” aýtdy we şol bir wagtda özüniň Waşingtondan resmi çakylyk almandygyny sözüne goşdy.

Tramp G20 summiti tamam bolandan soň žurnalistlere eger-de Kim bilen duşuşsa, Demirgazyk Koreýanyň serhedinden aňryk ätlemegiň özi üçin “problema” bolmajakdygyny aýtdy. Bu şeýle bolsa, ol bu üzňeleşdirilen ýurda sapar eden ilkinji ABŞ prezidenti bolar.

Tramp we Kim mundan öň, ABŞ-nyň Demirgazyk Koreýanyň liderini ýadro ýaraglary programmasyndan el çekmäge yrmak tagallalarynyň çäginde, iki gezek duşuşdy.

Iki lider hem sammitlerden soň bir-biri barada öwgüli sözleri aýtdy, emma Phenýanyň ýadro ýaraglaryndan saplanmak ähtimallygy babatynda hiç bir öňegidişlik gazanylmady.

Günorta Koreýanyň birleşdirmek ministrliginiň maglumatyna görä, Tramp we Kim 2018-nji ýyldan bäri jemi 12 hat alyşdy.

Tramp iSeoula Osakada geçýän G20 sammiti soňlanan badyna gitmegi planlaşdyrýar.

XS
SM
MD
LG