Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazak nebit ýatagyndaky işçi protesti mahalynda onlarça adam ýaralandy


wideolar we suratlar 29-njy iýunda günortana golaý ýüzlerçe kaskaly we iş eşikli işçiniň Gazagystandaky iň uly Tengiz nebit ýatagynyň alkymynda toplanandygyny görkezýär. 

Daşary ýurtly we ýerli işgärleriň arasynda turan dawa-jenjel netijesinde günbatar Gazagystandaky iri nebit-gaz ýatagy taslamasynyň onlaraça işçisi ýaralandy.

Sosial mediada peýda bolan wideolar we suratlar 29-njy iýunda günortana golaý ýüzlerçe kaskaly we iş eşikli işçiniň Gazagystandaky iň uly Tengiz nebit ýatagynyň alkymynda toplanandygyny görkezýär.

Işçileriň biri AÝ/AR-yna dawa-jenjeliň daşary ýurtly işçileriň arasynda paýlaşylan surat üstünde turandygyny, ýerli gazak işçileriniň muny masgaralaýjy hasaplandygyny gürrüň berdi.

Adynyň aýdylmazlygyny soran işçi soňra bu ýere müňlerçe işçiniň toplanandygyny aýtdy, şol bir wagtda bu ýygnanyşyga nämäniň iterendigi aýdyň däl. Bu ýerdäki dartgynlyklar iş şertleriniň talabalaýyk bolmazlygy netijesinde hem ýokarlanýardy.

Consolidated Contracting Engineering and Procurement S.A.L Offshore. Tengizchevroil, Chevron, ExxonMobil, KazMunayGas we LUKoil tarapyndan Tengizi ösdürmek üçin gurlan bilelikdäki kärhana beýanat çap edip, “şahsyýetara konfliktiň” bolandygyny we “netijede birnäçe işçiniň ýaralanandygyny” aýtdy. Şondan başga maglumat berilmedi.

Taslamanyň ýerleşýän ýeri bolan Atyrau regionynyň metbugat gullugynyň çap eden beýanatynda 30 adamyň dürli ýaralary sebäpli bejeriş alandygy aýdyldy.

Atyrau şäher häkiminiň edarasy şäheriň baş resmisiniň işçiler bilen duşuşandygyny we ýagdaýyň “durnuklaşdyrylandygyny” aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG