Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abu Dabide ýerleşýän nebit kärhanasy ýakalaşykdan soň, 'gazak halkyndan' ötünç sorady


Hadysada onlarça adam ýaralanypdyr.
Hadysada onlarça adam ýaralanypdyr.

Düýbi Abu Dabide ýerleşýän nebit kompaniýasynyň direktory Gazagystanyň günbataryndaky kärhananyň daşary ýurtly we ýerli işgärleriniň arasynda ýüze çykan ýakalaşykdan soň, “gazak halkyndan” ötünç sorady.

1-nji iýulda Consolidated Contracting Engineering & Procurement S.A.L. Offshore (CСЕР) kärhanasynyň direktory wideo ýazgy arkaly çykyş edip, “düýbünden ýerliksiz hadysanyň” kompaniýanyň gymmatlyklaryna we prinsiplerine laýyk gelmeýändigini aýtdy.

Ol munuň bilen baglylykda wezipesinden boşadylan işgäriň şahsyýetini aýdyňlaşdyrdy; şeýle-de hadysa boýunça derňewiň geçiriljekdigini mälim etdi.

Gazak mediasynyň beren maglumatyna görä, 29-njy iýunda Tengiz nebit ýatagynda liwanly şertnamalaýyn bir işgär öz gazak gyz kärdeşiniň kemsidiji suratlaryny internetde paýlaşandan soň, özara ýakalaşyk ýüze çykypdyr.

Hadysada onlarça adam ýaralanypdyr. Mundan başga-da, ýüzlerçe iordaniýaly we liwanly işçiler sebitden ewakuasiýa edilipdir.

XS
SM
MD
LG