Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň prezidenti Kanadadaky konferensiýa gatnaşýar


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý Torontodaky konferensiýada çykyş edip, 2014-nji ýylda başladylan reforma maksatnamasynyň çäginde Ukrainada parahorlyga garşy alyp barylan göreşiň netijeleri barada hasabat berer.

Zelenskiý bu barada 2-nji iýulda üçünji gezek geçirilýän Ukraina Reforma Konferensiýasynda çykyş eder.

Üç günläp dowam etjek konferensiýa Kanadanyň premýer-ministri Justin Trudeau, daşary ýurtly ministrler, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we graždançylyk-jemgyýetleriniň aktiwistleri hem gatnaşarlar.

Ukrain prezidentiniň edarasynyň beren maglumatyna görä, Zelenskiý çäräniň çäginde Kanadanyň premýer-ministri, daşary işler ministri, parlamentiniň agzalary we biznes wekilleri bilen hem duşuşyklary geçirer.

“Zelenskiý we Trideau Ukrainanyň Ýewro-Atlantik integrasiýasy ugrundaky tagallalaryny, regiondaky howpsuzlyk ýagdaýlaryny we Kanada-Ukraina söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýollaryny maslahat ederler” diýip, Kanadanyň premýer-ministriniň edarasynyň ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG