Prezident Donald Tramp Owganystany “terroristleriň laboratoriýasy” atlandyryp, ABŞ ol ýerden harbylaryny çykarsa-da, özüniň “ygtybarly aňtawyny” saklap galjakdygyny belledi.
“Men muny terroristleriň Harwardy atlandyrýaryn” diýip, Tramp Owganystan bilen dünýäniň iň abraýly uniwersitleriniň biriniň arasynda bag gurdy.
Tramp bu barada Fox News tele-kanalyna beren interwýusynda belledi.
Bu interwýu 1-nji iýulda “Talybanyň” Kabulda amala aşyran ulag partlamasyndan öň ýazgy edilipdi.
Interwýu ABŞ-nyň ýörite wekili Zalmaý Halilzadyň Katarda “Talybanyň” wekilleri bilen geçiren gepleşikleriniň ýedinji tapgyryndan soň efire berildi.
Interwýuda esasan ABŞ güýçlerini Owganystandan çykarylmak meselesi maslahat edildi.
Tramp Owganystandan ABŞ-nyň esgerlerini çykarmak isleýändigini aýtdy. Şol bir wagtda-da, ol ABŞ güýçleri ol ýerde bolmasa, onda Owganystanyň Birleşen Ştatlara garşy terroristiki hüjümleri gurnamak üçin ulanylyp bilinjekdigine alada bildirdi.