Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Almazbek Atambaýewiň tarapdarlary we garşydaşlary aýry-aýrylykda ýygnanyşyk geçirmegi planlaşdyrýar


Almazbek Atambaýewiň tarapdarlary we garşydaşlary 3-nji iýulda  toplanyp, aýry-aýrylykda ýygnanyşyk geçirmegi planlaşdyrýarlar. 

Ozalky prezident korrupsiýada aýyplanyp, tussag edilmek howpy bilen ýüz-ýüz duran wagtynda, Almazbek Atambaýewiň tarapdarlary we garşydaşlary 3-nji iýulda toplanyp, aýry-aýrylykda ýygnanyşyk geçirmegi planlaşdyrýarlar.

Atambaýewiň goldawçylary özleriniň merkezi Bişkekde toplanyp, onuň garşysyna bildirilýän aýyplamalaryň ýatyrylmagyny talap etjekdiklerini aýtdylar.

“Köne elita täze liderler üçin orunlary boşatmaly” diýen şygar astynda geçjek ýygnanyşyga Atambaýewiň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Şu aralykda Bişkegiň ozalky häkimi Nariman Tuleýew feýsbukda Atambaýewiň “müňlerçe” tankytçysynyň öňki prezidentiň paýtagtyň alkymyndaky Koý-Taş diýen ýerde ýerleşýän jaýyna tarap ýöriş edip, ony “milleti bölmezlige” çagyrjakdygyny habar berdi.

Gyrgyz deputatlary 27-nji iýunda Atambaýwiň kanuny jogapkärçilige çekilmezlik hakyndaky hukugyny ýatyrmaga aglaba köplükde ses berdi.

Atambaýew 2011-2017-nji ýyllarda prezident bolan döwründe bäş sany bikanun iş etmekde, şol sanda korrupsiýada, wezipeden hyýanatçylykly peýdalanmakda we bikanun baýamakda aýyplanýar.

Ol özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG