Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani Tähranyň has ýokary derejede uran baýlaşdyrmaga taýýardygyny gaýtalaýar


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Tähranyň uran baýlaşdyrmagy täze derejä çykarmaga taýýardygyny gaýtalady we 7-nji iýulda urany 2015-nji ýylda dünýä döwletleri bilen baglaşylan ýadro ylalaşygynda rugsat berlen derejesinden, 3.67 prosentden aňryk hem baýlaşdyryp başlajagyny aýtdy.

"Eger-de siz gynanç bildirmek we beýanat çap etmek isleseňiz, siz muny şu wagt edip bilersiňiz” diýip, AP Rohaniniň sözlerini sitirledi.

Rohani maýda bu ylalaşyga gol çeken ýurtlar bolan Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Orsýete we Hytaýa Eýranyň nebit we bank bähbitlerini ABŞ-nyň ykdysady sanksiýalaryndan goramak üçin 60 gün möhlet berdi. Onuň beren möhleti 7-nji iýulda dolýar.

Waşington bu ylalaşykdan bir ýyl öň çekildi.

Rohani ýadro ylalaşygy esasynda işi togtadylan Arak ýadro desgasynyň gaýtadan işe girizilýändigini aýtdy diýip, eýran mediasy habar berdi.

Ylalaşykdaň öň Eýran urany 20 prosente çenli baýlaşdyrýardy we bu Tähranyň ýarag ýasamak derejesindäki uran baýlaşdyrmaga çykmak mümkinçiligini ýokarlandyrypdy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG