Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ýurtdaky benzin gytçylygynyň fonunda Owganystana 60 tonna ýangyç iberdi


Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň (TDH) websaýtyndan alnan surat
Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň (TDH) websaýtyndan alnan surat

Türkmenistanyň dürli welaýatlarynda benzin we dizel ýangyjynyň gytçylygy dörän mahalynda, türkmen hökümeti ynsanperwer kömek hökmünde goňşy Owganystana ýangyç iberdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi websaýtynda çap edilen maglumata görä, demir ýol arkaly iberilen 60 tonnadan ybarat bolan ekologiýa taýdan arassa ýangyç 1-nji iýulda Türkmenistandan Owganystanyň “Akina” stansiýasyna iberildi.

Bu ýangyç Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp işe girizilen Ahal welaýatynyň Owadandepe şäherçesinde tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň önüminiň birinji tapgyryndan iberildi diýlip, maglumatda bellenilýär.

“Bu ýerde ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberilen ýüki Akina şäherçesiniň häkimi Azimi Basir Ahmad, Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň Akina şäherçesindäki wekili Gulam Resul Aýmak, Akina gümrüginiň ýolbaşçylary, nebit-gaz we demir ýol edaralarynyň wekilleri we beýleki resmi adamlaryň gatnaşmaklarynda gyzgyn we mähirli garşy aldylar” diýlip, habarda aýdylýar.

Akina stansiýasynda ynsanperwerlik kömegini owgan tarapyna tabşyryş dabarasynda Owganystanyň resmileri çykyş edip, türkmen prezidentine “ynsanperwerlik we doganlyk kömekleri üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdiler”.

Türkmenistandan Owganystana bu ynsanperwer kömegiň ugradylmagy, soňky birnäçe aýyň dowamynda Türkmenistanyň regionlarynda benzin gytçylygynyň dörän mahalyna gabat geldi.

Iýun aýynyň başynda Türkmenistanyň Balkan, Daşoguz we Mary welaýatlarynda A-95 markaly benziniň tapdyrmaýandygyny, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki biri-birinden garaşsyz birnäçe habarçysy habar berdi.

Geçen aýyň ahyrynda bolsa, Aşgabat şäherinden özge hiç bir welaýatda A95 we A92 markaly benzin tapdyrmaýandygyny we adamlaryň gaty kösenýändigini, ýene bir habarçy habar berdi.

Şonda habarçy ýangyç guýujy stansiýalarda A95 markaly benzin tapdyran ýagdaýynda-da, onuň diňe hökümet maşynlaryna guýulmagyna rugsat berilýändigini, hususy eýeçilikdäki ulaglara berilmeýändigini hem belledi.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli Azatlyk Radiosy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi goňşy Owganystana ynsanperwer kömegiň iberilmeginiň gowy ädimdigini, ýöne türkmen hökümetiniň ilki bilen öz ýurt raýatlarynyň ýangyç zerurlyklaryny üpjün etmelidigini aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biriniň 3-nji iýulda beren maglumatyna görä, welaýatyň ýangyç guýujy stansiýalarynda A95 markaly benziniň gytçylygy heniz hem dowam edýär.

“A92 markaly benzinden başga-da, benziniň täze bir görnüşi satuwa girizildi. Ýöne sürüjiler A93 markaly täze benzini gaty gymmat hasaplaýarlar. Onuň 1 litri 2 manada barabar. Bu benzinden hiç kim diýen ýaly öz ulagyna guýanok. Ýangyç guýujy stansiýalaryň işgärleri ‘hiç kim bu benzinden almasa, onda A93 markaly benzin geçer ýaly A92 markaly benziniň satuwyny bes ederler’ diýýärler” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy aýtdy.

Maglumat üçin aýtsak, A92 markaly benziniň 1litri 1 manat 30 teňňeden, A95 markaly benziniň 1 litri 1 manat 50 teňňeden satylýar.

Türkmen häkimiýetleri, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 28-nji iýunda Türkmenistanyň Ahal welaýatynda ulanylmaga berlen zawodyň tebigy gazdan benzin öndürýän dünýädäki ilkinji desgadygyny, şeýle-de onda ekologiýa taýdan arassa ýangyç öndürilýändigini aýdýarlar.

Mary welaýatynda täzelikde satuwa girizilen A93 markaly benziniň bu zawodda öndürilen, ekologiýa taýdan arassa ýangyçdygyny ýa-da däldigini Azatlyk Radiosyna häzirlikçe anyklamak başartmady.

Ýöne iýun aýynyň ahyrynda maryly ulag sürüjileriniň ençemesi ilat köpçüligine diňe A80 markaly hili pes ýangyç elýeterli wagty, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň ýörite enjamlar bilen ulaglaryň tüsse çykarlaryndan çykýan tüssäni barlaýandygyny we onuň ekologiýa zyýan ýetirýändigini aýdyp, jerime ýazýandygyny gürrüň berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG