ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Eýran basym uran baýlaşdyrmagyň derejesini rugsat berlen derejesinden ýokarlandyrjakdygyny aýdandan soň, Tährana bu hili haýbatlaryň “özüne zyýan bolup dolanjakdygyny” duýdurdy.
“Eýran, haýbatlar babatynda seresap bol” diýip, ol 3-nji iýulda, Eýranyň prezidenti Hassan Rohani, dünýä döwletleriniň ylalaşygy saklamak baradaky çagyryşlaryna garaman, öz ýurdunyň 7-nji iýuldan soň urany 2015-nji ýyldaky ylalaşykda bellenen 3.67 prosent derejesinden aňryk hem baýlaşdyryp başlajakdygyny aýdandan biraz soňra aýtdy.
Rohani maý aýynda ylalaşygyň saklanyp galýan taraplaryna Eýrany ABŞ-nyň ykdysady sanksiýalaryndan goramak üçin 60 gün möhlet berdi. Waşington bu ylalaşykdan bir ýyl öň çykyp, sanksiýalary dikeltdi. Rohaniniň beren möhleti şu hepde tamam bolýar.
Halkara atom energiýasy agentligi şu hepdäniň başynda Eýranyň pes derejede baýlaşdyrylan urany ýadro ylalaşygy astynda rugsat berlen derejesinden köp toplandygyny aýtdy we bu Trampyň “Eýran ot bilen oýnaýar” diýip duýdurmagyna alyp geldi.