Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin ýangyn uran suwasty gäminiň ýadro reaktorynyň bolandygyny aýtdy


Bu hadysadan üç gün soň, Putin ilkinji gezek gäminiň atom energiýaly bolandygyny aýtdy we Şoýgudan onuň häzirki ýagdaýyny sorady.
Bu hadysadan üç gün soň, Putin ilkinji gezek gäminiň atom energiýaly bolandygyny aýtdy we Şoýgudan onuň häzirki ýagdaýyny sorady.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin şu hepde adam heläkçiliklerine getiren ýangyn uran suwasty gäminiň atom energiýasynyň bolandygyny aýan etdi we goranmak ministriniň gäminiň reaktorynyň kontrol astyna alnandygyny ynandyrandygyny habar berdi.

Kreml 4-nji iýulda Putiniň bu mesele boýunça goranamk minietri Sergeý Şoýgu bilen Italiýa ugramazyndan öň maslahat edendigini aýtdy.

Kreml duşuşygy mahalynda, bu hadysadan üç gün soň, Putin ilkinji gezek gäminiň atom energiýaly bolandygyny aýtdy we Şoýgudan onuň häzirki ýagdaýyny sorady. Gämide turan ýangynda 14 adam heläk boldy.

“Gämidäki ýadro reaktory doly üzňeleşdirildi we onuň töweregindäki adamlar aýryldy. Ekipaž agzalary doly iş ýagdaýyndaky reaktoryň goragy üçin ähli zerur bolan çäräni gördüler” diýip, Kreml tarapyndan çap edilen maglumata laýyklykda, Şoýgu Putine aýtdy.

Putin tarapyndan bu hadysany elin derňemek tabşyrylan Şoýgu ýangynyň suwasty gäminiň bateraýa bölüminde dörändigini aýtdy. Ýöne ol ýangyna nämäniň sebäp bolandygyny aýtmady.

Goranmak ministrligi bu hadysanyň 1-nji iýulda bolandygyny aýtdy, emma bu habar ertesi giçlige çenli açylman saklandy. Şeýle-de ministrlik bu hadysada näçe adamyň halas edilendigini aýtmady.

XS
SM
MD
LG