Demonstrasiýaçylar paýtagt Tbilisiniň merkezinde tapgyr 14-nji gije toplanyp, ýurduň içeri işler ministriniň işden çekilmegini talap etdiler.
Protestçiler 3-nji iýul güni giçlik Tbiliside, ýene-de parlament binasynyň daş işiginde toplandylar we rus täsirine garşy başlanan ýygnanyşygyň başynda ulanylýan polisiýa zoňtarlygy sebäpli içeri işler ministri Giorgi Gakharianyň işden çekilmegine çagyrdylar.
20-nji iýunda parlament binasyna girmäge synanan mähelläniň garşysyna sürlen polisiýa rezin oklary we suw toplaryny ulananda, 240-dan gowrak adam ýaralandy.
Oppozisiýa Gakhariany demonstrasiýaçylary dargatmak üçin aşa artyk güýç ulanmakda aýyplaýar.
Protestleriň iki hepdä golaýlamgy bilen, guramaçylar nägilelik tolkunlarynyň netijesiz gutarmazlygy üçin öz taktikalaryny üýtgetjekdiklerini aýtdylar.
Protest liderleriniň biri Giga Makarişwili 3-nji iýulda Azatlyk radiosyna indiden beýläk ýygnanyşyklaryň “partizan taktikalary” esasynda geçiriljekdigini aýtdy.
Makarişwili protestçileriň Gakharianyň baran ähli ýerine baryp, onuň işden çekilmegini talap etjekdiklerini aýtdy.
Tbilisidäki protestler Orsýetiň resmi delegasiýasynyň Gürjüstanyň parlamentine sapar etmegi, şol sanda rus deputatynyň gürji parlamentiniň spikeriniň ornuna geçip oturmagy netijesinde, adamlaryň ýurtdaky rus täsirine gaharlanmagy bilen başlandy.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.