Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Halkara pul gaznasy Pakistana $6 milliard karz bermegi tassyklady 


Karaçi. Bazarda kartoşka saýlaýan işçi.

Premýer-ministr Imran Hanyň ýurduň agsaýan ykdysadyýetini daýandyrmaga kömek soramagy netijesinde, Halkara pul gaznasy (HPG) Pakistana üç ýylda $6 milliard dollar möçberinde karz bermegi tassyklady.

HPG geňeşiniň tassyklamagy bilen, gazna 3-nji iýulda derrew bu serişdäniň 1 milliardyny Pakistana berdi.

Beýanatda aýdylmagyna görä, bu pul “häkimiýetleriň ykdysady reforma programmasyny goldamak”, “ykdysady gowuşgunsyzlyklary azaltmak we durnukly hem-de deňagramlaşdyrylan ösüş döretmek” maksady bilen berilýär.

Gazna gelýän 39 aýda goşmaça serişde goýbermek üçin Pakistanyň bu ugurda bitiren işlerine her çärýekde baha berer.

Yslamabat geçen aý karzyň şertlerine razy boldy we siwil harçlamalaryny azaltjakdygyny, harby çykdajylaryny doňdurjakdygyny yglan etdi.

Şeýle-de hökümet býujet ýetmezçiligini azaltmak üçin girdejileri düýpli ýokarlandyrmagy wada berdi, salgytdan 36 milliard dollar toplamagy maksat edinýändigini aýtdy.

Bu Pakistanyň13-nji HPG programmasy bolýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG