Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin ýangyn uran suwasty gäminiň ýadro reaktorynyň bolandygyny aýtdy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we ýurduň goranmak ministri Sergeý Şoýgu
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we ýurduň goranmak ministri Sergeý Şoýgu

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin şu hepde adam heläkçiliklerine getiren ýangyn uran suwasty gäminiň atom energiýasynyň bolandygyny aýan etdi we goranmak ministriniň gäminiň reaktorynyň kontrol astyna alnandygyny ynandyrandygyny habar berdi.

Kreml 4-nji iýulda Putiniň bu mesele boýunça ýurduň goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen Italiýa ugramazyndan öň maslahat edendigini aýtdy.

Kreml duşuşygy mahalynda, bu hadysadan üç gün soň, Putin ilkinji gezek gäminiň atom energiýaly bolandygyny aýtdy we Şoýgudan onuň häzirki ýagdaýyny sorady. Gämide dörän ýangynda 14 adam heläk boldy.

“Gämidäki ýadro reaktory doly üzňeleşdirildi we onuň töweregindäki adamlar aýryldy. Ekipaž agzalary doly iş ýagdaýyndaky reaktoryň goragy üçin ähli zerur bolan çäräni gördüler” diýip, Kreml tarapyndan çap edilen maglumata laýyklykda, Şoýgu Putine aýtdy.

“Bu biziň gäminiň gysga wagtyň dowamynda gaýtadan ulanyşa giriziljekdigi barada umyt etmegimize sebäp bolýar” diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Putin tarapyndan bu hadysany elin derňemek tabşyrylan Şoýgu ýangynyň suwasty gäminiň batareýa bölüminde dörändigini aýtdy. Ýöne ol ýangyna nämäniň sebäp bolandygyny aýtmady.

Russiýanyň “Kommersant” gazeti gäminiň ekipažyndaky çeşmelere salgylanyp, derňewlerde ýangynyň döremegine elektrik togundaky näsazlygyň sebäp bolmagynyň ähtimaldygy çaklanylýar diýdi.

Russiýanyň resmileri waka bilen ilteşikli detallary gizlin saklaýarlar.

Goranmak ministrligi bu hadysanyň 1-nji iýulda bolandygyny aýtdy, emma bu habar ertesi giçlige çenli açylman saklandy.

“Döwlet syry hökmünde kategoriýalaşdyrylýan maglumatlar bar” diýip, Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow 3-nji iýulda žurnalistlere beren maglumatynda aýtdy. Şeýle-de, ol munuň “döwletiň we döwlet howpsuzlygynyň bähbidine” klassifisirlenendigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Şol güni Russiýanyň Demirgazyk flotunyň ýerleşýän sebiti Seweromorskda çykyş eden Şoýgu Barensew deňzinde bolan wakada ekipaž agzalarynyň käbiriniň we parahat ilatdan bir adamyň halas edilendigini aýtdy.

Ministr bu hadysada näçe adamyň halas edilendigini takyklaşdyrmady.

Mundan ozal Russiýanyň Goranmak ministrligi wakada 14 adamyň tüsseden boglup ölendigini mälim etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG