Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus ugrundaky söweşlere gatnaşan türkmenler medal bilen sylaglandy


Belarus topragyny nemes basybalyjylaryndan azat etmäge gatnaşan türkmenistanlylar ýadygärlik medallary bilen sylaglandy.
Belarus topragyny nemes basybalyjylaryndan azat etmäge gatnaşan türkmenistanlylar ýadygärlik medallary bilen sylaglandy.

Belarus topragyny nemes basybalyjylaryndan azat etmäge gatnaşan türkmenistanlylar ýadygärlik medallary bilen sylaglandy diýip, BelTA habar agentligi Belarusyň Aşgabatdaky ilçihanasyna salgylanyp habar berýär.

Basybalyjylara garşy egin-egne berip söweşen belaruslaryň we türkmenleriň söweş doganlygy Beýik Watançylyk Urşunyň senenamasynyň ýörite sahypasy boldy” diýip, habarda bäş türkmenistanlynyň Belarusy azat etmek ugrundaky söweşlerde görkezen edermenlikleri we gaýduwsyzlyklary üçin iň ýokary derejä, Gahryman adyna eýe bolandygy aýdylýar.

“Belarusyň german-faşist basybalyjylaryndan azat edilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli dokuz türkmenistanly ýadygärlik medallary bilen sylaglandy, olar 1944-nji ýylda Belarusy halas etmek üçin guralan Bagration operasiýasyna gatnaşan adamlar” diýip, ilçihana aýtdy.

Belarusyň Türkmenistandaky ilçisi Oleg Tabanýukow Aşgabatda ýaşaýan uruş weteranlaryna ýadygärlik medallaryny we gutlag hatlaryny gowşurdy diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG