Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tunisiň golaýynda gämileri çöküp, 80 migrant ölendir öýdülýär


Halas edilen migrant.

Tunis kenarlarynda gämileri çöken 80 çemesi migrant ölendir öýdüp gorkulýar diýip, Halkara Migrasiýa guramasynyň sözçüsi Flavio Di Giacomo 4-nji iýulda twitterde çap eden beýanatynda aýtdy.

"Gämi heläkçiligi Tunisiň kenarlarynda boldy, aman galan 4 adam halas edildi we Tunise getirildi. Olar özleriniň çişirme gämisinde 86 adamyň bolandygyny aýtdylar. 80 çemesi migrant ölendir öýdülýär” diýip, ol twitinde ýazdy.

Aman galan migrantlaryň biri biraz soň hassahanada jan berdi diýip, habarlarda aýdyldy.

Tapylmaýan migrantlaryň sany 82 diýip, HMG-nyň sözçüsi aýtdy.

Bu gämi Liwiýdan Italiýa tarap barýardy diýip, Tunisiň kenar goragçylary aýtdylar.

Liwiýa migrantlaryň esasy geçiş ýoly bolup durýar.

Maýda Tunisiň Sfaks şäheriniň alkymynda gämileri çöküp, azyndan 70 migrant heläk boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG