Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýaly zenan YD agzalygy üçin 5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi


Sabine S. YD dolandyryşy astyndaky durmuşy öwüp, bu topara nöker çekmek üçin blog ýazmak bilen meşgullanypdyr.

32 ýaşyndaky germaniýaly zenan “Yslam döwleti” terror guramasynyň agzasy bolandygy üçin 5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi diýip, Germaniýanyň günorta-günbataryndaky Stuttgart şäheriniň sudy aýtdy.

Regional suduň karary 5-nji iýulda, sud edilýäne daşary ýurt terror guramasyna goşulandygy üçin ýyl kesilenden soň yglan edildi.

Sabine Ulrike S. diýlip tanadylan aýal, suda aýdylmagyna görä, 2013-nji ýylyň aýagyndan 2017-nji ýylyň awgustyna çenli Siriýada ýaşapdyr.

Prokurorlar bu aýalyň Siriýa barandan soň kän wagt geçmänkä YD söweşijisine, ozal tanamadyk erkegine durmuşa çykandygyny aýtdylar.Ol, aýdylmagyna görä,adamsy bilen ekstremist topar tarapyndan basylyp alnan jaýda ýaşapdyr we ýarag ulanmak tälimini alypdyr.

Onuň adamsy 2016-njy ýylda, söweş mahalynda öldürilipdir. Prokurorlaryň aýtmagyna görä, Sabine S. YD dolandyryşy astyndaky durmuşy öwüp, bu topara nöker çekmek üçin blog ýazmak bilen meşgullanypdyr.

Ol 2017-nji ýylda kürt güýçleri tarapyndan tussag edildi we 2018-nji ýylyň aprelinde Germaniýa berildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG