Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň ýadro gözegçiligi agentligi Eýran boýunça ýörite duşuşyk geçirer


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň ýanaşyk suratlary.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň ýanaşyk suratlary.

BMG-niň ýadro gözegçiligi agentligi özüniň geljek hepde, Birleşen Ştatlaryň talaby esasynda, Eýranyň ýadro programmasy boýunça ýörite duşuşyk geçirjekdigini aýdýar.

ABŞ Tähranyň ylalaşygyň käbir şertlerini bozandygyny öňe sürýär. Halkara Atom energiýasy agentligi öz gubernatorlar geňeşiniň 10-njy iýulda, öýlän sagat 2:30-da Wenada geçiriljekdigini aýtdy.

Bu duşuşyk Birleşen Ştatlar bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlyklaryň Tähranyň ýadro programmasy üstünde ýokarlanan wagtyna gabat gelýär.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 2018-nji ýylyň maýynda Eýranyň 2015-nji ýylda dünýä döwletleri bilen baglaşan ýadro ylalaşygyndan çekildi we Eýranyň ýadro programmasyny jylawlamagynyň deregine gowşadylan sanksiýalary gaýtadan girizdi.

Bu ahyrynda Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň öz ýurdunyň urany ylalaşykda rugsat berlen derejesinde ýokarda hem baýlaşdyryp başlajagyny yglan etmegine alyp geldi.

XS
SM
MD
LG