Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran uran baýlaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrýandygyny aýdýar


Eýran hökümetiniň sözçüsi Ali Rabiei 7-nji iýulda “şu gün biz uran baýlaşdyrmakda rugsat edilen 3.67 prosent derejesinden aňryk geçeris” diýdi.

Prezident Donald Tramp ABŞ-ny bir taraply ylalaşykdan çekip, sanksiýalary dikeldeninden bir ýyl soň, Eýran urany 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygynda kesgitlenen derejesinden aňyrda hem baýlaşdyryp başlaýandygyny yglan etdi.

Eýran hökümetiniň sözçüsi Ali Rabiei 7-nji iýulda Tähranda žurnalistlere “şu gün biz uran baýlaşdyrmakda rugsat edilen 3.67 prosent derejesinden aňryk geçeris” diýdi.

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Arakçy žurnalistlere eger-de şertnama gol çeken galan ýurtlar – Britaniýa, Hytaý, Germaniýa, Fransiýa we Orsýet Tährany ABŞ sanksiýalaryndan goramasa, Tähran her altmyş günde öz üstüne alan ýadro borçlaryny azaltmagy dowam etdirer diýdi.

Arkaçy Eýranyň bu problemany şindi hem çözmek isleýändigini, emma ýewropa ýurtlarynyň öz borçlarynyň yzynda durmagyň hötdesinden gelmeýändiklerini aýtdy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG