Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda 14 tussag iýmitden zäherlenip öldi


Täjigistan

Täjigistanda 14 tussagyň iýmitden zäherlenip ölmegi bilen baglylykda derňew başladyldy.

Tussaglar 7-nji iýulda ýurduň demirgazygyndaky Sogd regionyndan Duşenbe, Norak we Ýowon şähelerindäki türmelere äkidilip barylýardy.

“Ýolda, Warzab jülgesinde tussaglaryň biri beýleki 15 tussag bilen üç döwüm çöregi paýlaşdy. Tussaglar Duşenbä geleninden soň, olaryň saglyk ýagdaýy erbetleşdi” diýip, Adalat ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.

Maglumata görä, tussaglaryň, çöregi iýenlerinden 1,5 sagatdan soň, “ýüregi bulanyp, başy aýlanyp” başlapdyr.

Resmi beýanatda diňe iki tussagyň janyny saklap galmak başardandygy bellenilýär.

Baş prokuratura hadysa boýunça derňew işini açdy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG