Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halilzad “Talyban” bilen gepleşiklerde “uly progresiň” gazanylandygyny aýtdy


ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad ABŞ-“Talyban” gepleşikleriniň soňky tapgyrynyň “iň netijeli” bolandygyny aýtdy. Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Halilzad “uly progresiň” gazanylandygyny hem belledi.

Halilzad Katarda geçýän Owgan-ara dialogynyň ilkinji gününiň jemleri boýunça, ýagny 7-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna interwýu berdi.

Iki günläp dowam etjek Owgan-ara dialogyna ilkinji gezek owgan hökümetiniň resmileri hem gatnaşyp, “Talybanyň” wekilleri bilen ýüzbe-ýüz duşuşdylar. Bellesek, Kabul resmileri Doha resmi derejede däl-de, eýse şahsy ýagdaýda sapar etdiler.

Mundan öň, “Talyban” owgan resmilerini “Günbataryň oýnatgysy” atlandyryp, owgan hökümetiniň islendik resmileri bilen duşuşmakdan ýüz öwrüp gelýärdi. Emma, bu gezek “Talyban” hökümetiň Owgan-ara wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşmaga razy boldy.

Halilzadyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, taraplar dört ugur boýunça ylalaşyga gelmek boýunça öňegidişlik gazanypdyrlar. Bu ugurlar şulardan ybarat: Owganystandan daşary ýurtly güýçleriň çykarylmagy, ok atyşyklary hemişelik togtatmak, “Talybanyň” Owganystanyň beýleki ýurtlara hüjüm etmek üçin ulanylmazlygyna kepil geçmegi we syýasy çözgüde eltjek Owgan-ara dialogy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG