Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Atambaýew soraga gelmek baradaky çagyryş hatyna boýun bolmakdan ýüz öwürdi


Almazbek Atambaýew
Almazbek Atambaýew

Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýew Içeri işler ministrliginiň Bişkekdäki edarasyna aýdyňlaşdyrylmadyk jenaýat derňewi boýunça soraga gelmek baradaky çagyryş hatyna boýun bolmakdan ýüz öwürdi.

Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň resmileri çagyryş hatyny Atambaýewiň Bişkegiň etegindäki Koi-Taş obasyndaky jaýyna 8-nji iýulda gowşurdylar.

Dokumentde Atambaýewiň 9-njy iýulda jenaýat derňewi boýunça “şaýat hökmünde” polisiýa gelmelidigi aýdylýar. Emma iş bilen baglylykda başga goşmaça maglumat berilmeýär.

Atambaýewe 2011-2017-nji ýyllar aralygynda prezident bolan döwri bäş ýagdaý boýunça, şol sanda korrupsiýa, wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmak we bikanun baýamak aýyplamalary bildirilýär.

Atambaýew özüne bildirilýän aýyplamalaryň syýasy matlaplara esaslanýandygyny aýdyp, olaryň ählisini ret edýär.

Çagyryş haty gowuşylandan soň, Atambaýew töweregindäki onlarça tarapdaryna ýüzlenip, Içeri işler ministrligine barmajakdygyny aýtdy. Ol “resmileriň özleriniň bikanun kararlaryny düzetmelidigini” belledi.

8-nji iýulda Atambaýewe birinji çagyryş haty gowşuryldy. Gyrgyz kanunlaryna görä, eger-de şahsyýet iki çagyryş hatyna boýun bolmakdan ýüz öwürse, onda ol zor bilen soraga çekilip bilinýär.

9-njy iýulda Atambaýewiň aklawçysy Sergeý Slesarýew Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolup, ne özüniň, ne-de öz müşderisiniň polisiýa soraga barjakdygyny aýtdy.

Slesarýew Atambaýewiň el degirilmesizlik hakyny aýyrmak boýunça 27-nji iýunda parlamentde geçirilen ses berilişigiň bikanun bolandygyny öňe sürdi.

Slesarýewe görä, prezidentiň el degirilmesizlik hakyny ýatyrmak baradaky maý aýyndaky kanun üýtgeşmeler ýurduň konstitusiýasyna çapraz gelýär.

Gyrgyz kanunçykaryjylary sesleriň aglabasy bilen Atambaýewiň el degirilmesizlik hakyny ýatyrdylar.

27-nji iýundaky ses berilişikden soň, Atambaýew aglaba wagtyny Koi-Taşdaky jaýynda geçirýär. Ol özünde ýaraglaryň bardygyny açyk aýtdy.

3-nji iýulda Atambaýew Bişkekda özüni goldap geçirilen ýörişe gatnaşdy. Atambaýewiň müňe golaý tarapdary oňa bildirilýän aýyplamalaryň ýatyrylmagyny talap etdiler.

XS
SM
MD
LG