Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýokary sud Özbegistanyň ‘iň uzak saklanan syýasy tussagyny’ aklamakdan boýun towlaýar


Samandar Kokonow

Özbegistanyň ýokary sudy ozalky syýasatçy, 2016-njy ýylyň aýagynda, tas 24 ýyldan soň türmeden boşadylan Samandar Kokonowy özüne bildirilen ähli günäden aklamakdan boýun gaçyrdy.

Kokonow AÝ/AR-a suduň 10-njy iýulda “Kohonowa garşy bildirilen ähli aýyplama subut edildi” we şu sebäpden ol aklanyp bilinmez diýip karar çykarandygyny aýtdy.

57 ýaşyndaky ozalky kanun çykaryjy, goldawçylary tarapyndan “Özbegistanyň iň uzak saklanan syýasy tussagy” diýip atlandyrylan Kokonow 1993-nji ýylyň iýulynda döwlet emlägini öz hasabyna geçirmek aýyplamasynda tussag edildi.

Ol özüne garşy bildirilen ähli aýyplamanyň ozalky prezident Yslam Kerimowyň buýrugy esasynda galplaşdyrylandygyny aýdyp, aýak depýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG