Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky gyrgyz prezidenti Atambaýew soraga barmakdan ikinji gezek boýun gaçyrdy


Ozalky gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew. Arhiw suraty

Ozalky gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew ikinji gezek Içeri işler ministrliginiň soraga gelmek çagryşyndan boýun gaçyrdy.

Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň resmileri Atambaýewiň Bişkegiň alkymyndaky Koý-Taş obasynda ýerleşýän jaýyna resmi çakylygy 10-njy iýulda eltdiler.

Çakylykda aýdylmagyna görä, ol 11-nji iýulda jenaýat derňewine “şaýat hökmünde” gatnaşmaly. Şol bir wagtda, bu çakylygyň jikme-jiklikleri aýdylmaýar.

Atambaýew 9-njy iýuldaky çakylyga hem tabyn bolmady, ol häkimiýetleriň özi hakyndaky kararlaryny bikanun hasaplaýandygyny aýdýar.

Atambaýew wezipede mahaly, 2011-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli prezident bolanda, bäş sany nädogry iş etmekde, şol sanda korrupsiýada, wezipesini hyýanatçylykly peýdalanmakda, bikanun baýlyk toplamakda aýyplanýar.

Atambaýew özüne bildirilýän aýyplamalaryň ählisini ret edýär we olaryň syýasy äheňlidigini aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG