Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Atambaýew soraga barmakdan ikinji gezek boýun gaçyrdy


Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýew (arhiw suraty)

Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýew Içeri işler ministrliginiň soraga gelmek çagryşyndan ikinji gezek boýun gaçyrdy.

Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň resmileri Atambaýewiň Bişkekiň etegindäki Koý-Taş obasynda ýerleşýän jaýyna resmi çakylygy 10-njy iýulda eltdiler.

Çakylykda aýdylmagyna görä, ol 11-nji iýulda jenaýat derňewine “şaýat hökmünde” gatnaşmaly. Şol bir wagtda, bu çakylygyň jikme-jikleri aýdylmaýar.

Atambaýew 9-njy iýuldaky çakylyga hem boýun bolmady, ol häkimiýetleriň özi hakyndaky kararlaryny bikanun hasaplaýandygyny aýdýar.

Atambaýew wezipede mahaly, 2011-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli prezident bolanda, bäş sany nädogry iş etmekde, şol sanda korrupsiýada, wezipesini hyýanatçylykly peýdalanmakda, bikanun baýlyk toplamakda aýyplanýar.

Atambaýew özüne bildirilýän aýyplamalaryň ählisini ret edýär we olaryň syýasy matlaplara esaslanýandygyny aýdýar.

Gyrgyz kanunlaryna görä, eger-de şahsyýet iki çagyryş hatyna boýun bolmakdan ýüz öwürse, onda ol zor bilen soraga çekilip bilinýär.

Atambaýewiň aklawçysy Sergeý Slesarýew Azatlyk Radiosy bilen 11-nji iýuldaky söhbetdeşliginde Atambaýewiň el degirilmesizlik hakyny aýyrmak boýunça 27-nji iýunda parlamentde geçirilen ses berilişigiň bikanun bolandygyny öňe sürdi.

Slesarýewe görä, prezidentiň el degirilmesizlik hakyny ýatyrmak baradaky maý aýyndaky kanun üýtgeşmeler ýurduň konstitusiýasyna çapraz gelýär.

Gyrgyz kanunçykaryjylary sesleriň aglabasy bilen Atambaýewiň el degirilmesizlik hakyny ýatyrdylar.

27-nji iýundaky ses berilişikden soň, Atambaýew aglaba wagtyny Koý-Taşdaky jaýynda geçirýär. Ol özünde ýaraglaryň bardygyny açyk aýtdy.

3-nji iýulda Atambaýew Bişkekda özüni goldap geçirilen ýörişe gatnaşdy. Atambaýewiň müňe golaý tarapdary oňa bildirilýän aýyplamalaryň ýatyrylmagyny talap etdiler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG