Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagon Pars aýlygynda harby-eskorty esaslandyrmaga ýakynlandygyny aýdýar


ABŞ-nyň gämisindäki deňizçi Hormuz bogazyna gözegçilik edýär. (arhiw suraty)
ABŞ-nyň gämisindäki deňizçi Hormuz bogazyna gözegçilik edýär. (arhiw suraty)

ABŞ pars aýlygynda gämileriň ýany bilen ýüzjek harby eskorty, ýagny goragy esaslandyrmaga ýakynlandygyny aýtdy.

Mundan birnäçe sagat öň, Britaniýa eýran gämileriniň britan nebit tankerine “päsgelçilik döretmäge synanyşandygyny” aýdypdy.

ABŞ-nyň baş ştablarynyň başlyklarynyň birleşen komitetiniň ýolbaşçylygyna hödürlenen general Mark Milleý Waşingtonyň “söwda gämileriniň harby goraglylygyny we deňiz goraglylygyny üpjün etmek üçin” koalisiýany esaslandyrmak ugrunda tagalla edýändigini mälim edipdi.

“Meniň pikirimçe, bu öňümizdäki birki hepdäniň içinde esaslandyrylar” diýip, Milleý 11-nji iýulda çykyş etdi.

Ol gämi gatnawlarynyň azatlygyny fundamental prinsip diýip atlandyrdy.

Waşington Eýrany we onuň bilen bagly proksileri soňky iki aýyň dowamynda nebit tranzitiniň esasy ugrunda gämilere hüjüm etmekde aýyplaýar.

Tähran bu aýyplamalary inkär edýär.

XS
SM
MD
LG