Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bangladeşiň ozalky harby diktatory 91 ýaşynda aradan çykdy


Bangladeş protestçileri. Arhiw suraty
Bangladeş protestçileri. Arhiw suraty

Bangladeşiň ozalky harby diktatory, 1982-nji ýylda döwlet agdarylyşygy esasynda häkimiýeti eýelän Hussain Muhammad Erşad hassahanada, 91 ýaşynda aradan çykdy.

Ozalky prezident dürli garrylyk kesellerinden ejir çekýärdi we iýunyň aýagynda hassahana ýerleşdirildi.

Ozalky goşun başlygy we prezident ýurda dokuz ýyl, 1982-nji ýyldan 1990-njy ýyla çenli ýolbaşçylyk etdi.

1990-njy ýylda köpçülikleýin halk protestleri netijesinde prezidentlikden çetleşdirilip, türmä basylan hem bolsa, Erşad Bangladeşiň gowgaly syýasy sahnasynda soňuna çenli aktiw galmagy başardy.

Ol häzirki parlamentde oppozisiýanyň lideri boldy.

XS
SM
MD
LG