Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Delide ýol hadysasyna uçran türkmenleriň atlary mälim edildi


Ýol hadysasyna uçran "Bentley-Bentayga" awtomobili. Hindustan Times neşiriniň suraty
Ýol hadysasyna uçran "Bentley-Bentayga" awtomobili. Hindustan Times neşiriniň suraty

Hindi mediasy ýurduň paýtagtynda bolýan aýylganç ýol hadysalary barada wideo çap edip, fewralda bolan köçe hadysasynda ejir çeken türkmen raýatlarynyň atlaryny mälim etdi.

Republicworld.com neşiriniň maglumatyna görä, fewralyň başynda paýtagt Delide bolan ýol hadysasynda dört adam, şol sanda üç türkmenistanly ejir çekdi.

Olaryň biri, 51 ýaşyndaky türkmenistanly Gülşat Alyjanowa heläk boldy, 33 ýaşyndaky Almagül Ataýewa, 55 ýaşyndaky Gulýa Yýam we olaryň münüp barýan awtorikşasynyň sürüjisi Raghubir Singh ýaralandy.

Bu hadysa günortadan soň, 1.32 minut töwereginde, Deliniň Çanakýapuri diýen ýerindäki Winaý Margda, ýokary tizlikde gelýän gymmatbaha “Benley” awtomobiliniň ýolagçy alyp barýan ulagy yrmagy netijesinde boldy.

Ýokary tizlikde gelýän gymmatbaha awtoulagyň eýesi biznes tüçjary Ponty Chadhanyň 19 ýaşly ýegeni Asees Singh Chadha diýip, polisiýa aýtdy.

Türkmen mediasy ýurt içinde we daşynda ýol hadysasynda heläk bolýan, ýaralanýan raýatlary hakynda hiç bir maglumat bermeýär.

XS
SM
MD
LG