Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Andijanyň bäbekhanasynda ýer ýetmezliginden, aýallar polda ýatýarlar


Marhamat raýonynyň bäbekhana kompleksinde çaga dogran aýallar ýer ýetmezliginden, polda ýatýarlar. 2019-njy ýylyň 24-nji iýuny.
Marhamat raýonynyň bäbekhana kompleksinde çaga dogran aýallar ýer ýetmezliginden, polda ýatýarlar. 2019-njy ýylyň 24-nji iýuny.

Andijan welaýatynyň Marhamat raýonyndaky bäbekhana toplumynda bolýan aýallardan, Azatlyk Radiosyna iberilen suratda, çaga dogran aýallar bäbekleri bilen polda ýatýarlar. Bäbekhananyň baş wraçy aýallaryň polda ýatýandygyny inkär edýär.

Azatlygyň redaksiýasyna gelip gowşan suratda görnüşi ýaly, aýallaryň birnäçesi çagasy bolandan soň, bäbekleri bilen ýaňy remont edilen palatada pola düşelen matraslaryň üstünde ýatýarlar.

Suraty Azatlyga ýollan gürrüňdeşimiziň aýtmagyna görä, surat Marhamat raýonynyň Bäbekhana kompleksinde 24-nji iýun agşamy düşürilipdir.

Bäbekhana kompleksiniň bir medisina uýasynyň Azatlygyň habarçysyna aýtmagyna görä, surat hakykatdanam şol aýdylan keselhananyň bir palatasynda düşürilen. Onuň sözüne görä ýer ýetmezçiliginden, bäbekhananyň administrasiýasy täze çagasy bolan aýallaryň birnäçesine polda ýatmagy teklip edidir.

Ýöne 9-njy iýulda Azatlygyň habarçysy bilen telefon gepleşiginde Marhamatdaky Bäbekhananyň baş wraçy Temirowa täze çagasy bolan aýallaryň birnäçesiniň polda ýatandygy baradaky maglumaty düýp-göter ret etdi.

– Biziň kompleksimizde golaýda remont işleri tamamlandy. Palatalar ýagty hem arassa. Ähli palatalarda gyzgyn hem sowuk suw bar. Bäbekhana 50 oruna niýetlenen, ýöne häzirki wagtda bu ýerde 41 aýal bolýar. Ýaş eneleriň polda ýatandygy baradaky maglumat hakykata laýyk gelmeýär – diýip, bäbekhananyň baş wraçy Matluba Temirowa aýdýar.

Marhamatdaky bäbekhananyň bir medisina işgäriniň sözüne görä, başga wagtlara garanda, tomsuna bu ýer näsaglardan dolýar.

– Käbir günlerde çaga dogurýan aýallaryň sany 70-e ýetýär. Olaryň ählisine ýer ýetenok. Şonuň üçin olaryň birnäçesi reanimasiýa bölüminde ýerleşdirilýär, käbirini intensiw terapiýa bölümine geçirýärler. Galan 7-8 aýala bolsa polda ýatmagy teklip edýärler – diýip, şepagat uýasy aýdýar.

Azatlyk Radiosy Marhamatdaky bäbekhana kompleksiniň ýagdaýy bilen tanşanda, keselhananyň çaga dogrulandan soňky bölüminde 25 medisina uýasynyň işleýändigi aýan boldy. Olaryň her biri aýda diňe bir gün işe çykýarlar.

– Biziň toparymyzdan diňe 1-2 adamdan başgasy pensiýa ýaşyna golaýlan işgärler. Olar aýda bir gün işe çykýarlar. Aýlygy şol işlän döwrüne laýyk alýarlar – 100 müň sum (ABŞ-yň 11 dollary) – diýip, bir medisina işgäri aýdýar.

Bäbekhana kompleksiniň baş wraçy Matluba Temirowa medisina uýalarynyň artykmaçdygyny boýun aldy hem häzirki wagtda kadrlar bölüminiň olary gysgaltmak meselesini öwrenýändigini sözüne goşdy.

– Olaryň her biri işe duranlarynda, aýda bir gün işlemäge razylyk berýärler – diýip, Marhamatdaky bäbekhana kompleksiniň baş wraçy Matluba Temirowa Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG