Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda radio žurnalisti öldürildi


Owganystanyň kartasy
Owganystanyň kartasy

Owganystanyň gündogaryndaky Paktia welaýatynda bir radio žurnalisti öldürildi.

Gardez radiosynyň žurnalisti Nader Şah Şahibzadanyň jesedi 13-nji iýulda giçlik tapyldy. Mundan bir gün öň ol derkesiz ýitipdi.

Polisiýa Şahibzadanyň onuň professional işi ýa-da şahsy dawanyň netijesinde öldürilendiginiň häzirlikçe aýdyň däldigini aýtdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.

Mundan ozal, “Talyban” we “Yslam döwleti” ekstermistiki topary žurnalistleri nyşana alypdy.

Geçen ýyl Owganystan iň köp žunalistleriň öldürilen ýurdy boldy diýip, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Žurnalistleri Goramak boýunça Komitet belleýär. Onuň maglumatyna görä, 2018-nji ýylda Owganystanda azyndan 13 žurnalist öz professional işi bilen baglylykda öldürilipdir.

XS
SM
MD
LG