Gyrgyzystanda ýurduň Goranmak geňeşiniň ozalky sekretary Busurmankul Tabaldiýewiň, korrupsiýa aýyplamalary esasynda, tussag edilmegi boýunça gaýybana höküm çykaryldy.
Içeri işler ministrligiň metbugat wekili Karima Amankulowanyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, 15-nji iýulda Tabaldiýewiň ady gözlenýän şahsyýetleriň sanawyna goşulypdyr. Amankulowa onuň häzir nirede ýaşaýandygynyň belli däldigini sözüne goşdy.
Amankukowanyň bellemegine görä, Tabaldiýew mundan alty ýyl ozal ýakasy belli jenaýatçy Aziz Batukaýewiň türmeden “bikanun ýagdaýda möhletinden ir azat edilmegi” bilen baglylykda şübhelenýär.
Şu ýylyň maýyndan bäri Batukaýewiň azat edilen döwri häkimiýet başynda bolan ençeme ýokary derejeli gyrgyz resmisi, şol sanda premýer-ministriň ozalky orunbasary, ozalky saglyk ministri, ozalky baş prokuror hem meňzeş aýyplamalar esasynda tussag astyna alyndy.
2013-nji ýylda Batukaýew leýkemiýa keseli sebäpli möhletinden ir azatlyga goýberilipdi. Soňy bilen bu saglyk diagnozynyň galplaşdyrylandygy belli boldy.
Etnik çeçen Batukaýew 2006-njy ýylda 17 ýyl türme möhletine höküm edilipdi. Oňa ençeme jenaýat işi boýunça, şol sanda gyrgyz kanunçykaryjysynyň we Içeri işler ministrliginiň resmisiniň öldürmegine ilteşikli bolmakda aýyplama bildirilipdi.
Türmeden azat edileninden soň, Batukaýew dessine Russiýanyň Çeçenistan regionyna aşdy.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.