Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň energiýa kärhanasynyň direktory Moskwada tussag edildi


Dmitriý Mazurow
Dmitriý Mazurow

Russiýanyň nebiti gaýtadan işleýän iň iri garaşsyz zawodynyň direktory Moskwada tussag edildi diýip, kärhananyň ozalky eýesi mälim etdi.

“Täze Akym” toparynyň 14-nji iýulda ýaýradan beýanatynda bellenmegine görä, Dmitriý Mazurow 13-nji iýulda Moskwanyň Şeremetýewo aeroportynda, Russiýa dolanan pursady, Derňew Komiteti tarapyndan tussag edilipdir.

Beýanatda Mazurowyň adynyň jenaýat işi boýunça geçýändigi aýdylýar; emma, başga goşmaça maglumat berilmeýär.

Rus resmilerinden häzirlikçe kommentariýa almak başartmady.

“Täze Akymyň” ozalky eýesi Antipinskiý nebiti gaýtadan işleýän zawod bolupdy.

Geçen aý, Russiýanyň iň iri karzçysy “Sberbank” bilen sermaýaçylaryň toparynyň bilelikdäki “SOKAR Energoresurs” kärhanasy Antipinskiý nebiti gaýtadan işleýän zawodyň 80% paýyna eýe bolupdy.

XS
SM
MD
LG