Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG ABŞ-nyň Zarife girizen syýahat çäklendirmelerine alada bildirdi


Eýranyň daşar işler ministri Mohammad Jawad Zarif

Birleşen Milletler Guramasy Eýranyň daşar işler ministri Mohammad Jawad Zarifiň şu hepde BMG-niň maslahatyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka edýän sapary bilen baglylykda ABŞ-nyň eýran resmisine girizen syýahat çäklendirmelerine alada bildirdi.

Zarif Nýu-Ýorka 14-nji iýulda geldi. Onuň 17-nji iýulda geçiriljek BMG-niň Ykdysady we Sosial Geňeşiniň maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo), iki ýurduň arasyndaky dartgynlylyklaryň fonunda, saparyň amala aşmagyna gol goýdy.

Emma, Zarifiň diňe BMG-niň, Eýranyň BMG-däki missiýasynyň, Eýranyň BMG-däki ilçisiniň rezidensiýasynyň we Nýu-Ýorkuň John F. Kennedi aeroportunyň çäginde hereket etmegine rugsat berilýär diýip, Döwlet departamentiniň resmisi mälim etdi.

BMG-niň metbugat wekili Farhan Hak BMG-niň sekretariatynyň “ABŞ-nyň we Eýranyň BMG-däki hemişelik missiýalary bilen ýakyndan habarlaşýandygyny, şeýle-de kabul ediji döwlete öz aladasyny bildirendigini” aýtdy.

Geçen ýyl prezident Donald Tramp ABŞ-ny 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykaranyndan soň, Waşington bilen Tähranyň arasyndaky gatnaşyklar has-da ýitileşip başlady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG