Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýokary sud gyrgyz oppozision lideriniň işine sereder


Ömürbek Tekebaýewiň we Duýşonkul Çotonowyň tarapdarlary protest bildirýärler. Arhiw suraty

Gyrgyzystanyň Ýokary sudy 16-njy iýulda oppozisiýadaky syýasatçylar Ömürbek Tekebaýewiň we Duýşonkul Çotonowyň işleri boýunça diňlenişige başlady.

Bu diňlenişikler iki syýasatçynyň aklawçylarynyň talaby boýunça geçirilýär. Olar bu işdäki esasy şaýadyň, rus biznesmeni Leonid Maýewskiniň syýasatçylaryň iki ýyl ozal bolan sudunda beren görkezmesinde ýalan sözländigini aýdýarlar.

Tekebaýew we onuň iş şärigi, ozalky adatdan daşary ýagdaýlar ministri Çotonow para almakda günäli tapylyp, 2017-nji ýylyň awgustynda hersi sekiz ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Olaryň ikikisi-de bikanun iş edendigini inkär etdi.

Tekebaýew, Ata-Meken partiýasynyň lideri bu suduň syýasy sebäpli bolandygyny, özüni 2017-nji ýyldaky prezident saýlawlaryndan çetleşdirmek üçin gurnalandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG