Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Eýran raketalary barada ‘bir topar öňegidişlik gazanyldy’ diýýär, Tähran inkär edýär


Döwlet sekretary Maýk Pompeo, Trampyň sözlerini goldap, mejlisde Eýranyň bu meselede Waşington bilen gepleşmäge taýýardygyny yşarat edendigini aýtdy.
Döwlet sekretary Maýk Pompeo, Trampyň sözlerini goldap, mejlisde Eýranyň bu meselede Waşington bilen gepleşmäge taýýardygyny yşarat edendigini aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, iki tarapyň arasyndaky zoňtar sözleriň dowam edýän wagtynda, Eýran bilen aradaky dartgynlyklary aradan aýyrmak üçin ‘bir topar öňegidişligiň gazanylandygyny” aýdýar.

“Bir topar progres gazanyldy. Biz näme bolýanyny göreris. Emma bir topar progres gazanyldy” diýip, Tramp 16-njy iýuldaky hökümet mejlisinde Waşigtonyň Tährany öz raketa programmasy babatda gepleşik geçirmäge yrmak tagallalaryny nazara alyp aýtdy.

Döwlet sekretary Maýk Pompeo, Trampyň sözlerini goldap, mejlisde Eýranyň bu meselede Waşington bilen gepleşmäge taýýardygyny yşarat edendigini aýtdy.

"Eýran režimi öz ykdysady kynçylyklary babatda näme etjegini bilmän aljyraýar, sebäbi biziň çärelerimiz örän netijeli boldy” diýip, Pompeo aýtdy.

XS
SM
MD
LG