Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak sudy kärdeşler arkalaşygynyň başlygyny ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm etdi


Erlan Baltabaý

Gazak sudy döwlet emlägini ogurlamakda aýyplap, kärdeşler arkalaşygynyň başlygyny ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm etdi, emma ol özüniň syýasy sebäpler esasynda ýanalýandygyny aýdýar.

17-nji iýulda Erlan Baltabaýa garşy çykarylan höküm häkimiýetleriň ýedi ýyl ozal nebitçi işçiler bilen polisiýanyň arasynda bolan çaknyşyklardan bäri kärdeşler arkalaşyklaryna gören çäreleriniň diňe biri bolup durýar.

Energiýa kompaniýasynyň işçileriniň bähbitlerini goraýan kärdeşler arkalaşygyna ýolbaşçylyk edýän Baltabaý özüne garşy gozgalan jenaýat işiniň merkezi aziýa ýurdunda garaşsyz kärdeşler arkalaşyklaryny ýapmak üçin edilen ýene bir synanyşykdygyny aýdýar.

Ol ýurduň günorta şäheri Şymkendiň sudunyň çykaran kararynyň üstünden şikaýat etjekdigini aýtdy.

“Human Rights Watch” guramasy geçen aý gazak häkimiýetlerini “zähmet hukuklary babatdaky gamgyn ýagdaý” üçin tankyt etdi we resmileri kärdeşler arkalaşyklaryny we işçileri goramakda has kän tagalla etmäge çagyrdy.

Hukuk aktiwistleri we kärdeşler arkalaşyklarynyň liderlerigünbatar Gazagystanda 2011-nji ýylda nebitçi işçileriň gurnan ganly gozgalaňlaryndan soň, hökümetiň kärdeşler arkalaşyklaryna edýän basyşlarynyň kem-kemden güýçlenýändigini aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG