Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maşgalalar we ýurtlar MH17 uçarynyň ýykylmagynyň bäş ýyllygyny belleýärler


 MH17 uçarynyň galyndylary
MH17 uçarynyň galyndylary

Pidalaryň maşgalalary we ýurtlaryň ilçihanalary, bäş ýyllygyna gabatlap, Malaýziýanyň gündogar Ukrainadaky konflikt zonasynda urlup ýykylan ýolagçy uçarynda ýogalanlary ýatlaýarlar. Bu uçaryň Orsýetiň gatnaşmagynda urlup ýykylandygy baradaky subutnamalar köpelýär.

Amsterdam bilen Kuala Lumpur aralygynda gatnaýan ýolagçy uçary 2014-nji ýylyň 17-nji iýulynda, gündogar Ukrainanyň territoriýasynyň asmanynda, orsýetçi separatistleriň kontrollyk edýän ýerinde urlup ýykyldy. Onuň üstünde298 adam, şol sanda 80 çaga bardy. Olaryň ählisi wepat boldy.

Niderlandiýada,193 raýatyny ýitiren ýurtda ýatlama çäreleri 16-njy iýulda, pidalaryň maşgala agzalarynyň 15-siniň Hilwersam şäherinde ýas çäresine toplanmagy bilen başlandy.

Bu çärä uçaryň gündogar Ukrainada ýykylan ýerinde gögeren günebakarlardan alnan çigitleri ekip, günebakar ýetişdirýän ruhany ýolbaşçylyk etdi.

Mundan başga, Niderlandiýada Malaýziýanyň MH17 uçary konferensiýasy, Waşingtonda tegelek stol söhbetdeşligi geçirildi.

XS
SM
MD
LG