Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Ukrainanyň Donetks, Luhanks regionlarynyň ähli ýaşaýjylaryna raýatlygy hödürleýän karara gol çekdi


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

17-nji iýulda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ukrainanyň Donetsk we Luhansk regionlarynyň ähli ýaşaýjylaryny öz içine goşmak üçin rus raýatlygyny almak barada ýönekeýleşdirilen prosedurany giňeldýän karara gol çekdi.

Putin 21-nji aprelde geçirilen ukrain prezident saýlawlarynda Wolodymyr Zelenskiý ýeňiş gazanandan sanlyja gün soň, Ukrainanyň gündogaryndaky Luhanks we Donetks regionlarynyň “käbir böleklerindäki” ukrain raýatlarynyň rus raýatlygyny almak prosesini ýönekeýleşdirmek baradaky karary çykardy.

Ukraina we Günbatar tarapyndan ukrain özygtyýarlygyna zyýan ýetirmek synanyşygy diýlip häsiýetlendirilýän bu herekete Zelenskiýni öjükdirmek we onuň saýlaw ýeňşine täsir ýetirmek tagallalary hökmünde garaldy.

Kiýew bu prosedura esasynda çykarylan rus pasportlaryny bikanun diýip ykrar etdi.

Giňeldilen karar gürrüňi edilýän regionlarda 2014-nji ýylyň aprelinde hemişelik ýaşan raýatlara rus pasportyny almak üçin ýönekeýleşdirilen proseduradan peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG