Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Almatynyň boýag ammarynda uly göwrümli ýangyn döredi


18-nji iýulda Almatynyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gullugynyň işgärleri wakanyň bolan ýerinde işleýärler.
18-nji iýulda Almatynyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gullugynyň işgärleri wakanyň bolan ýerinde işleýärler.

Gazagystanyň iň uly Almaty şäherinde tiz ot alýan boýag serişdeleriniň saklanýan ammarynda ýangyn döredi.

Almatynyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça departamentiniň 18-nji iýulda beren maglumatyna görä, şäheriň demirgazygyndaky Žetýsu etrabynda dörän uly göwrümli ýangyny öçürmek işlerine iki dikuçar, ýangyn söndürijileriň 67 sanysy we 27 sany ýangyny söndürýän ulag gatnaşýar.

Häkimiýetler ýangyny öçürmek üçin dowam edýän göreşiň “çylşyrymlydygyny” aýdýarlar.

Wakada adam ýitgisiniň bolandygy barada häzirlikçe maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG