Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

18 ýaşly gelni özüni öldürmek derejesine ýetirendigi üçin, Hatlonyň ýaşaýjysy günälenýär


Gülbahor Faromarzowa
Gülbahor Faromarzowa

Hatlon welaýatynyň 64 ýaşly ýaşaýjysy Emom Zabirow 18 ýaşly gelnini özüni öldürmek derejesine ýetirendigi üçin saklandy. Çaýhun raýonynyň Zarnisor gyşlagynyň ýaşaýjysy yzygiderli kemsitmeleri hem gysyşlary bilen gelni Gülbahor Faromarzowany öz janyna kast etmäge ýetiripdir.

Hatlon welaýatynyň prokurory Nasrullo Mahmudzodanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Zabirowyň garşysyna «adamy özüni öldürmek derejesine ýetirendigi» baradaky madda bilen jenaýat işi gozgalypdyr.

Çaýhun raýonynyň prokurory Şohruh Rajabzoda 16-njy iýulda Azatlyk Radiosy bilen gepleşende, ol gelniň gaýyn atasynyň tas bir aýdan bäri tussag astynda saklanýandygyny aýtdy. “Onuň gelniniň psihiki keselden ejir çekmedigi anyklandy. Ony mydama gysyşa almak, masgaralamak hem kemsitmek ahyrky netijede özüni öldürmäge baryp ýetipdir” diýip, prokuror belleýär.

Ýurduň kanun aktlaryna laýyklykda, adamy özüni öldürmek derejesine ýetirene 5 ýyldan 8 ýyla çenli iş kesilýär.

Gülbahor Faromarzowa gelin bolup baranyndan köp wagt geçmän, şol öýdäki jaýyň saraýynda 15-nji aprelde özüni asan ýagdaýynda tapyldy. Gülbahoryň adamsynyň garyndaşlarynyň aýtmagyna görä, gelin ruhy taýdan sagat däl eken, şol hem ony heläkçilige eltendir diýýärler.

Gülbahoryň daýysy Emomali Faromarzowyň Azatlyk Radiosyna mälim etmegine görä, ýegençisi öz gaýyn atasyndan mydama igenç eşidýändigini aýdypdyr, ýöne garyndaşlary gurlan maşgalany bozmazlygyň hatyrasyna oňa sabyrly bolmagy maslahat beripdirler. “Gaýyn atany gabadylar, göreli, nähili jeza berýärler” diýip, ol sözüne goşýar.

Gülbahor Faromarzowa 2018-nji ýylda Rajabali Zabirowa durmuşa çykypdyr. Ýarym ýyldan soň onuň adamsy eklenç üçin Orsýete gidýär, gelin bolsa adamsynyň öýünde galýar. Gyzyň hossarlarynyň tassyklamagyna görä, ol gaýynlary tarapyndan yzygiderli kemsidilmelere hem ýaramaz gyjalata sezewar edilipdir.

Ýaş gelinleriň hem gyzlaryň arasynda öz janyna kast etmek hadysasy resmi hökümeti alada goýýar. Maşgaladaky gysyşlar zerarly gyzlar şeýle ýowuz çözgüde baş goşýarlar.

Hukuk goraýjylar aýallara garşy gönükdirilen maşgaladaky zorluk Täjigistanyň adaty ýagdaýyna öwrüldi diýýärler. Ýogsa maşgaladaky zorluga garşy göreşmek barada Kanun çykaryldy. 2014 – 2023-nji ýyllar aralygynda maşgaladaky zorlugy aradan aýyrmak üçin, döwlet programmasy hem bar.

Kö maşgalalar hojalykda bolýan zorluga beýle bir ähmiýet bermeýärler, «içerdäki gep-gürrüňi daşara çykarmajak» bolup, beýle ýagdaýda dymmak bilen oňýarlar. Çäresiz galmak bolsa jenaýatçynyň «elini uzaldýar» we olar aýallaryny kemsidýärler hem masgaralaýjy söz aýdýarlar. Bu bolsa ahyrynda özüni öldürmäge baryp ýetýär.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG