Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Sentsow, Wişinskiý tussag çalşygyny teklip edýär


Orsýetde tussaglykda saklanylýan Oleh Sentsow bilen Ukrainada tussaglykda saklanylýan rus žurnalisti Krill Wişinskiý
Orsýetde tussaglykda saklanylýan Oleh Sentsow bilen Ukrainada tussaglykda saklanylýan rus žurnalisti Krill Wişinskiý

Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň edarasy Orsýet bilen tussag alyşmagy teklip etdi.

Bu teklipde Orsýetde tussaglykda saklanylýan Oleh Sentsow bilen Ukrainada tussaglykda saklanylýan rus žurnalisti Krill Wişinskiniň çalşylmagy nazarda tutulýar.

Bu teklip ukrain prezidenti Zelenskiý bilen rus prezidenti Wladimir Putiniň arasynda 11-nji iýulda bolan telefon söhbetdeşliginde tussag çalyşmak ähtimallygy maslahat edilenden soň mälim boldy.

Zelenskiniň metbugat sekretary Ýulia Mendel bu teklibi 18-nji iýul güni giçlik, Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow Kiýewi iki goňşynyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagyna tarap ilkinji ädim hökmünde Wişinskini azat etmäge çagyrandan biraz soň, öz feýsbuk sahypasynda yglan etdi.

Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki RIA Novosti habar gullugynyň Ukrainadaky edarasynyň öňki başlygy Wişinskiý 2018-nji ýylyň maýynda, dönüklik aýyplamalary esasynda tussag edildi.

XS
SM
MD
LG