Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ABŞ-nyň Hormuz bogazynda eýran dronyny ýykandygyny ret edýär


Eýranyň goranmak ministriniň orunbasary Abbas Arakçi

Eýran ABŞ-nyň harby-deňiz güýçleriniň söweş gämisiniň strategiki Hormuz bogazynda Eýranyň dronyny urup ýykandygy barada prezident Donald Trapmyň aýdan sözlerini ret etdi.

Eýranyň goranmak ministriniň orunbasary Abbas Arakçi 19-njy iýuldaky twitter maglumatynda Tähranyň Hormuz bogazynda we başga hiç ýerde hiç bir dronyny ýitirmändigini aýtdy.

Eýranyň ýaragly güýçleriniň sözçüsi 19-njy iýulda Eýranyň dronlarynyň ählisiniň sag-aman öz bazalaryna dolanyp gelendigini aýtdy.

Trump ABŞ-nyň harby gämisiniň 1 müň metr çemesi golaý gelip, wehim salan drona birnäçe gezek duýduryş berendigini we soňra ony weýran edendigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG