Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gülnara Kerimowynyň aklawçysy onuň türmeden “Tiz kömekde” çykarylandygyny aýdýar


Gülnarany azat etmek üçin guralan Instagram kampaniýasy

Özbegistanyň merhum prezidenti Yslam Kerimowyň gyzy Gülnara Kerimowanyň aklawçysy 18-nji iýulda twitterde öz müşderisiniň saklanylýan türmesinden “Tiz kömek” maşynynda alnyp gidilendigini aýtdy.

Aklawçy Gregoire Mangeat özüniň müşderisini görmek üçin Özbegistanyň Zangiota türmesiniň daş işiginde garaşyp duran wagty “Tiz kömek” maşynynyň peýda bolandygyny aýtdy.

Ynamdar çeşme Karimowanyň “Tiz kömek” maşynynyň içinde bolandygyny aýtdy diýip, Mangeat aýtdy. Ol mart aýynda 2015-nji ýylda ogurlyk we gorkuzyp pul almak üçin berlen bäş ýyllyk öý tussaglygynyň düzgünlerini bozandygy üçin türmä basyldy.

Mangeat 11-nji iýulda şweýsar häkimiýetleriniň Kerimowanyň işi bilen bagly konfiskasiýa edilen 555 million dollary Özbegistana gaýtaryp bermek işini togtadandygyny aýtdy.

Ol bu karara Kerimowanyň hukuklarynyň bozulandygy we oňa saglyk kömeginiň berilmeýändigi barada aýdylýanlaryň sebäp bolandygyny aýtdy.

Kerimowanyň gyzy Iman instagramda öz ejesiniň idili medisina kömegini almaýandygyny we psihologiki basyş astynda saklanylýandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG