Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähran ABŞ-nyň Hormuz bogazynda eýran dronyny ýykandygyny ret edýär


Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy Eýran dronynyň urlup ýykandygy barada maglumatyň ýokdugyny aýdy.
Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy Eýran dronynyň urlup ýykandygy barada maglumatyň ýokdugyny aýdy.

Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy Mohammed Jawad Zarif Tähranda prezident Donald Trampyň aýdyşy ýaly, ABŞ Eýrana degişli drony urup ýykandygy barada maglumatyň ýokdugyny aýtdy.

ABŞ-nyň "Boxer" desant gämisi Eýranyň pilotsyz uçuş appparatyny Hormaz bogazynyň üstünde urup ýykypdyr. Ol barada ABŞ-yň prezidenti Donald Tramp aýtdy diýip, Associated Press agentligi habar berýär.

Trampyň sözüne görä, pilotsyz uçar özüne gönükdirilen birnäçe duýduryş signallaryny äsgermezden, harby gämä takmynan müň metr golaýlaşanda urlup ýykylypdyr. ABŞ-yň prezidenti ol uçýan apparatyň haýsy tipdedigini aýtmandyr, ýöne onuň desant gäminiň ekipažyna howp abandyrandygyny mälim edipdir. Ol hadysanyň haçan bolandygyny aýtmaýar.

Ýöne Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy Mohammed Jawad Zarif Tähranda, ABŞ-yň prezidenti Donald Trampyň aýdyşy ýaly, Eýran dronynyň urlup ýykandygy barada maglumatyň ýokdugyny aýdy.

«Bizde şu gün dronymyzy ýitirendigimiz barada informasiýa ýok» diýip, ministr žurnalistlere mälim etdi.

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlylyk Birleşen Ştatlaryň 2015-nji ýylda baglaşylýan ýadro ylalaşygyndan çykmagyndan soň güýçlendi.

Sebitdäki ýagdaý ABŞ hem Saud Arabystany Oman we Pars aýlaklarynda nebit tankerlerine edilen hüjümlerde, Eýrany günäläninden soň güýjedi. Iýul aýynda Tähran Pars aýlagyndaky Saud Arabystanynyň tankerini zamun almaga synanyşykda aýyplady. Eýran ol aýyplamalary ret edýär.

Iýun aýynda Donald Tramp Eýran obýektlerine taýýarlanan harby zarbalary iň soňky pursatda ýatyrandygyny mälim etdi. Ol zarba Eýran harbylary tarapyndan amerikanyň razwedka maksatly pilotsyz uçary urlup ýykylandan soň bolmalydy.

XS
SM
MD
LG